Türkmenistanda Bruneý-Darussalam Döwletiniň ilçisi işläp başlady

0
379
0
0

Aşgabat, 21-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa  Bruneý-Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi bin Maididen ynanç hatyny kabul etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan milli Parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Bruneý-Darussalam Döwletiniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.

Öz nobatynda, jenap Haji Mahadi Maidi mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, onuň Bruneý-Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky ilkinji ilçisi wezipesine bellenilmeginiň iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.  

Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Şol syýasatda bolsa dünýäniň ähli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm orun berilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň      başyny başlan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga aýratyn üns berildi.

Diplomat, şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.

Bruneýiň doly ygtyýarly wekili ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, olaryň depginine we netijelerine haýran galýandygyny aýtdy, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini, türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Döwletimiz bu abraýa milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde eýe boldy.

Jenap Haji Mahadi Maidi Türkmenistan bilen Bruneý-Darussalam Döwletiniň  arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň gelejegi barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletara gatnaşyklaryny, hususan-da, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we özara düşünişmegine  ýardam edýän bilim we medeniýet ulgamyndaky  hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

***

Şol gün Bruneý-Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi Maidi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru