Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutanyny kabul etdi

22:2821.04.2015
0
3283

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan  baştutany ilçi Miroslaw Ýençany kabul etdi.

Myhman pursatdan peýdalanyp,  döwlet Baştutanyna hem-de ähli türkmen halkyna şu ýyllaryň dowamynda beren kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň netijesinde onuň ýolbaşçylyk edýän merkeziniň işi örän netijeli häsiýete eýe boldy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy  Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar. BMG-niň sebitdäki iri düzümleriniň biriniň ştab-kwartirasynyň hut Aşgabatda ýerleşdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen paýtagtynyň seçilip alynmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi tarapyndan goldanyldy. Olar Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygyny hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny biragyzdan ykrar etdiler. Bu syýasat bolsa parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürlen halkara başlangyçlarynda  aýdyň beýanyny tapdy.

2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açylan BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi  Aziýa üçin Sebit merkezi şu geçen ýyllaryň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga  hem-de ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly  çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň bu parahatçylyk döredijilik düzüminiň ştab-kwartirasy sebitde durnukly ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirilýän we oňyn gepleşikler üçin möhüm meýdança öwrüldi. Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýän okuw maslahatlary, “tegelek stoluň”  başyndaky söhbetdeşlikler köpsanly duşuşyklar umumy meselelere ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi.  Şol wajyp meseleleriň hatarynda  dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde anyk netijeleri gazanmak üçin gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, serhetýaka suw-energetika serişdelerini dolandyrmak, serhetýaka jenaýatçylygyna we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, goňşy Owganystandyky ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler bar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň  BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirmek bilen giň halkara hyzmatdaşlygyna hemişe ygrarly boljakdygyny, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşjakdygyny  nygtady. Türkmen döwletine Bitaraplyk derejesiniň berilmegi hem muňa ýardam edýär. Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 20 ýyllygyna möhüm çäreleriň ençemesi bagyşlandy. Şu ýyl bu çäreler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň BMG-niň esasy düzümleýin edaralary we gulluklary bilen ýola goýlan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, Miroslaw Ýençanyň uzak möhletleýin esasda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de giňeltmek işine ägirt uly goşant goşandygyny belledi.

BMG-niň  Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi wezipesine bellenilen, Sebit merkeziniň ýolbaşçysy özüniň köpýyllyk işine berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Garaşsyz Türkmenistanyň üçünji müňýyllygyň esasy maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen tagallalaryna sarpa goýýandygyny  we hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtady. Golaýda Türkmenistanyň BMG-niň Gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek  meseleleri boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hem muňa mysal bolup biler.

“Türkmenistanda işlemek meniň üçin uly hormat-sarpa boldy. Meni bu ýurt bilen iň gowy duýgular we täsirler baglanyşdyrýar” – diýip, Miroslaw Ýença aýtdy hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda  ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän  netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimize we ähli türkmen halkyna myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda geçiriljek wekilçilikli maslahata hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna çakylyklary alandygy üçin  hoşallyk bildirip, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň  ýolbaşçysy döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistana gelip görmäge hemişe şat boljakdygyny aýtdy.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň