Türkiýede 15 müň adamy türkmen palawy bilen hezzetlediler

0
379
41
0

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Zeýtinburnu etrabynda türkmen palawyny taýýarlap, 15 müň adamy türkmen milli tagamy bilen hezzetlediler. Bu barada www.haberler.com saýty habar berýär.  

Zeýtinburnu etrabynyň ýolbaşçylary tarapyndan guralan türkmen tagamlaryny wagyz etmek çäresiniň çäklerinde bişirilen palaw üçin 1 000 kilogram et, 500 kilogram tüwi, nohut we käşir sarp edildi. 
Palawy taýýarlamak türkmen aşpezlerine ynanyldy. Türkmen palawyny iýip görmäge isleg bildirýän adamlar uzyn nobaty emele getirdiler. Olar palawy iýip türkmen halkynyň milli tagamlarynyň biri bolan palawy taýýarlan aşpezlere minnetdarlyk bildirdiler.
Bu çäräniň guramaçylarynyň biri Ahmet Razik palaw üçin sygyr etini ulanandyklaryny we onuň 15 müň adama paýlanandygyny gürrüň berdi. 
Datly tagam bilen hezzetlenen myhmanlar soňlugy bilen folklor toparlarynyň çykyşyna tomaşa etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru