Türkmenistan Ukraina awiagatnawlaryny täzeden dikelder

10:3821.04.2015
0
4933

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky wagtly-wagtynda howa gatnawlaryny maýda täzeden dikeltmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ukrainanyň Döwlet howa gatnawlary gullugy RIA nowosti habarlar agentligine beýanatynda aýtdy.

Ukrainanyň bu degişli edarasy 16-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet milli raýat howa gullugy bilen iki ýurduň arasyndaky wagtly-wagtynda amala aşyrylan howa gatnawlaryny täzeden dikeltmek we gelejekde has-da ösdürmegiň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdi.

“Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar, takmynan, 2015-nji ýylyň maýynda iki tarapyň howa gatnawy kärhanalarynyň arasynda Kiýew  bilen Aşgabadyň arasynda wagtly-wagtynda amala aşyrylmagy bellenilen howa gatnawyny täzeden dikeltmegi ylalaşdylar. Şeýle hem Türkmenistandan Ukrainanyň çäginiň beýleki ýerlerine, amala aşyryljak uçuşlaryň örüsini giňeltmek, ilkinji nobatda bolsa Lwow we Odessa ugurlaryna uçuşlary ýola goýmak göz öňünde tutulýar” diýlip habarda aýdylýar.

Şonuň ýaly-da, türkmen tarapynyň Ukrainanyň howa gatnawy kompaniýalaryna Türkmenistana wagtly-wagtynda howa gatnawlaryny amala aşyrmak barada rugsatnama almagy tizleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny mälim edendigi bellenilýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň