Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionatynyň ikinji tapgyry geçirildi

0
636
6
0

19-njy aprelde Aşgabat şäher häkimliginiň sport desgasynda futzal boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynyň ikinji tapgyry geçirildi.  

Bu ýaryşda jemi 10 topar çykyş edýär.

Ýaryşyň ikinji tapgyryndaky duşuşyklaryň netijeleri.

“Daýhan” — “Talyp sporty” — 3:3, “Wepaly” — “Senagat” — 4:0, “Gümrükçi” — “Deňizçi” — 1:8, “Daýanç” — “Bagtyýarlyk” — 6:2, “Daşgala” — “Migrasiýa” (bu duşuşyk geçirilmedi).

Üçünji tapgyryň duşuşyklary 23-nji aprelde “Senagat” — “Gümrükçi”, “Migrasiýa” — “Daýanç” toparlary duşuşar. Soňra duşuşyklar 26-njy aprelde dowam edip onda “Bagtyýarlyk” — “Daýhan”, “Deňizçi” — “Daşgala”, “Talyp sporty” — “Wepaly” duşuşar.

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionaty iýun aýyna çenli dowam eder. Ýaryş tablisasynda öňdäki üç orny eýelän toparlar Türkmenistanyň futzal boýunça çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. 

Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy sypdyrman!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru