Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

06:2821.04.2015
0
10515

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň talyplary 14—17-nji aprel aralygynda nazary mehanika boýunça Minskide geçirilen IX halkara olimpiadasynda ikinji orny eýelediler. Oňa dünýä döwletleriniň 30 ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Belarusyň döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň barşynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň talyplary nazary mehanika ýaly çylşyrymly ders boýunça taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça 5-nji ýyl talyp Muhammetgeldi Annaýew altyn medala mynasyp boldy, üçünji ýyl talyplary Meýlis Mälikow we Mekan Toýjanow kümüş medal gazandylar, Pälwan Seýidow (5-nji ýyl talyp) bürünç medalyň eýesi boldy. Şeýle hem türkmen talyplary olimpiadanyň çäklerinde “Breýn-ring” bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş edip, üçünji orny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň