Türkmenistanda şaly ekişine taýýarlyk görülýär

0
442
0
0

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şaly ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda 8 müň 100 gektar meýdana ekiler.

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda  bolsa bu ekini 10 müň 200 gektara ekmek meýilleşdirilýär. Bu ýerlerde şaly ekişine şu ýylyň iýun aýynyň başlanmagy bilen badalga berler. Toprak-howa şertleri nazarda tutulyp, çyglylygy halaýan bu ekin ýurdumyzyň diňe iki sebitinde ekilýär.

Şeýlelik bilen, ýurdumyz boýunça şaly ekinleriniň tutjak umumy meýdany 18 müň 300  gektar bolup, şondan şu ýyl 81 müň 200 tonna şaly ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şaly ýetişdirmek üçin  meýdanyň we önümçiliginiň  möçberi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy.

Umuman, ekiş möwsümine saýlama tohumlaryň dört  müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy.  Şaly ýetişdirmegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, bu ekiniň “Nukus-2”, “Akmerjen” we beýleki ýokary hasyl berýän we kesele durnukly tohumlaryna aýratyn orun berildi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda  şaly ekişine maý aýynyň üçünji ongünlüginde başlamak meýilleşdirilýär, Lebap welaýatynda bolsa iýunyň aýagynda ekiş geçirmek bellenilýär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru