Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekilini kabul etdi

22:0520.04.2015
0
2682

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Hideomi Nakadzimeni kabul etdi.

Diplomat türkmen döwletiniň Baştutanyna Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar iki ýurduň we iki dostlukly halkyň bähbidine köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etmegine uly gyzyklanma bildirýärler.  

Türkmen Lideri öz gezeginde Ýaponiýanyň Imperator maşgalasyna, hökümetine we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, ýurdumyzyň geljekde hem özara bähbitleriň hatyrasyna strategiki  hyzmatdaşlyga tarap saýlanyp alnan ugra eýerjekdigini tassyklady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen duşuşyklaryny hemişe mähir bilen ýatlaýandygyny aýdyp, hut şol duşuşyklaryň ynamly we birek-biregi hormatlamak häsiýetiniň köp babatda ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli bolmagyny kesgitleýändigini hem-de ähli ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegi üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny belledi.  

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gelejegi barada pikir alşyldy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Umumy pikire görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň netijeli işi, deňhukuklylyk we uzakmöhletleýinlik esasda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň önjeýli bolmagyna ýardam edýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi bu maksatlara ýetilmegine gös-göni hyzmat edýär.

Iki ýurduň medeni-ynsanperwer ulgamda: ylymda, bilimde we medeniýetde gatnaşyklary giňeltmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň