Soňky habarlar

Arhiw

“Daşoguz” 554 minutlyk golsuz böwşeňligiň arasyny üzdi

17:5719.04.2015
0
5602

Milli çempionatyň 7-nji tapgyry “Daşoguz” üçin iki esse ýatda galyjy boldy. Öz meýdanynda ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän Marynyň “Energetigine” garşy oýunda demirgazyk  welaýatyň topary bassyr alty gezek ýeňlişden soň, 554 minutlyk golsuz böwşeňligiň arasyny üzdi.

15-nji minutda Arslan Gurbanowyň dürs urgusyndan soň, Ilgiz Abdyrahmanowyň şägirtleri bu duşuşygy öz peýdalaryna tamamlap biljekdiler. Ýöne esasy wagtyň tamamlanmagyna 3 minut galanda “Energetigiň” iň gowy hüjümçisi Kerim Hojaberdiýew hasaby deňledi — 1:1. Onuň ýedi oýunda geçiren 5-nji pökgüsidir.

Indiki tapgyrda iki topar hem myhmançylykda oýnar: “Energetik” “Hazyna” bilen, “Daşoguz” bolsa “Altyn asyr” bilen duşuşar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Daşoguz» – «Energetik» – 1:1 (1:0)

18-nji aprel. Daşoguz. «Sport toplumy». 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Arslan Gurbanow 15 – Kerim Hojaberdiýew 87.

Duýduryş alanlar: Döwran Seýdiýew 70, Resul Saparbaýew 80, Umyt Kerimow 87 – Mekan Çarlyýew 26, Muhammetresul Şamuhammedow 40, Ylýas Minhairow 67, Rustam Mamedow 85.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Gözegçi emin: Konstantin Grigorýans.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň