Baýramaly etrabynda “Merw” bilen paýtagtyň “Hazynasynyň” arasyndaky duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 7-nji tapgyryň ikinji oýun güni tamamlandy.
Ýer eýeleri bu oýny o diýen keýpiçag ýagdaýda garşylamadylar. Çünki soňky dört tapgyrdaky iki deňlik we iki ýeňliş Magtymguly Begenjowyň şägirtleriniň ýaryş tablisasynda ýedinji orna süýşmegine getirdi.
Oýun maryly futbolçylaryň hüjümleri bilen başlandy we eýýäm 9-njy minutda Söhbet Allanurow hasaby açdy. Arakesmeden soň, Jemşit Orazmuhammedow hasaby artdyrdy. Myhmanlara 78-nji minutda Begmyrat Baýewiň kömegi bilen bir jogap pökgüsini geçirmek başartdy.
Netijede dört oýundan soň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Merw” 11 utuk bilen dördünji orna geçdi.
Şu gün 7-nji tapgyryň “Balkan” bilen “Ahalyň” arasynda geçirilmeli jemleýji duşuşygy 20-nji iýuna süýşürildi.
Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.
«Merw» – «Hazyna» – 2:1 (1:0)
18-nji aprel. Baýramaly etraby. «Sport desgasy». 1 000 tomaşaçy.
Pökgüleri geçirenler: Söhbet Allanurow 9, Jemşit Orazmuhammedow 53 – Begmyrat Baýew 78.
Duýduryş alanlar: Guwanç Rejepow 60, Gurbanguly Aşyrow 90+3 (ikisi hem – «Hazyna»).
Emin: Mihail Litwinow.
Gözegçi emin: Batyr Urazsahadow.
7-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi
Iň köp pökgi geçirenler:
Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 8 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).
Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 6.
Berdi Şamyradow ("Aşgabat") – 6.