ÝK: Gadagançylyk aradan aýrylansoň, Eýran “Günorta gaz geçelgesi” boýunça gaz iberip biler

0
476
0
0

Gelejekde “Günorta gaz geçelgesiniň” kuwwaty diňe bir azerbaýjan gazyny däl, eýsem, eýranyň “mawy ýangyjyny” ibermekde hem peýdalanyp bilner. Bu barada Rigadaky metbugat maslahatynyň barşynda energetika we howa ýagdaýy boýunça ýewrokomissar Migel Arias Kanýete aýtdy.

“Eger iýunda Eýran bilen gutarnykly ylalaşyga gelinse, munuň özi gelejekde täze mümkinçilikleriň açylmagyna getirer. “Günorta geçelgesi” diňe bir Azerbaýjandan däl, eýsem, onuň gelejekde has aňyrrak — Eýrana uzamak mümkinçiligi bar” — diýip, ol aýtdy.

Ýewropa komissiýasy häzirki wagtda ulanylýan gaz taslamalarynyň içinde “Günorta gaz geçelgesini” iň wajyby hasaplaýar. Bu gaz geçirijisi arkaly Azerbaýjanyň Şah-Deňiz ýatagynda gazy Türkiýäniň we Gresiýanyň üsti bilen Ýewropa ibermek göz öňünde tutulýar.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru