OPEK guramasyna girýän ýurtlar nebit çykarmak boýunça 2003-nji ýylyň fewralyndan bäri iň ýokary netije görkezdiler

11:1319.04.2015
0
15189

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) aprel hasabatyny çap etdi. Ondan görnüşi ýaly, bu ýurtlarda 2015-nji ýylyň martynda bir gije-gündizde çykarylan nebitiň mukdary fewral aýyna çenli 0,81 mln barrel ýokarlandy. Munuň özi 2003-nji ýylyň fewralyndan bäri iň ýokary görkeziji bolup, nebitiň gündelik öndürilişi 1,5 mln barrele barabar boldy.

Ýakynda OPEK guramasyna girýän ýurtlarda gaz çykarylyşy barada Halkara energetika agentliginiň bilermenleri-de öz maglumatlaryny mälim etdiler. Şoňa laýyklykda, martda nebit öndüriji şol ýurtlarda has-da ýokarlanyp, bir gije-gündizde 0,89 mln barrele çenli baryp ýetdi. Munuň özi 2011-nji ýylyň tomsundan bäri iň ýokary görkezijidir diýip, Halkara energetika agentligi öz toplan delillerine salgylanyp beýan edýär.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň