Aşgabatda türkmen-italýan işewürler maslahaty geçiriler

13:2418.04.2015
0
2269

23-nji aprelde Aşgabatda türkmen-italýan işewürler maslahaty geçiriler. Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze çözgütler we çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan iri wekiliýet topary Türkmenistana geler. Wekiliýetiň düzüminde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň onlarçasynyň ýolbaşçylary bolar. Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň italiýaly işewürleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Şeýle forumlaryň geçirilmegi diňe bir ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmän, eýsem, özara söwda dolanyşygyna, maýa goýum taslamalarynyň artdyrylmagyna, täze tehnologiýalaryň işe girizilmegine, işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň