Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy taýýarlanyldy

09:3618.04.2015
0
7834

Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy taýýarlanyldy.

Bu Maksatnama ylmy-tehnologik ulgamdaky barlaglary hil taýdan täze derejä ýetirmäge, ylmyň gazananlarynyň önümçilige netijeli ornaşdyrylmagyna ýardam bermäge, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň öňdebaryjy orny eýelemegini üpjün etmäge, şeýle hem şu ugurdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegi degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ylmy hem-de innowasion işe hemmetaraplaýyn kömek berilmegine, bu işe ýaşlaryň giňden çekilmegine ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň