Şu gün Aşgabatda HTTU bilen Türkmenbaşynyň “Şagadamynyň” arasyndaky duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 7-nji tapgyr başlandy.
Garşydaşlaryň ikisi-de geçen tapgyrda şowly çykyş etdiler: “Şagadam” öz meýdanynda “Merwden” 2:0 hasabynda üstün çykdy, HTTU bolsa myhmançylykda “Ahaly” utup (1:0), Türkmenistanyň Kubogynyň eýesiniň şu möwsümde ilkinji gezek ýeňilmeginiň sebäpkäri boldy. Göräýmäge bu üstünlik Röwşen Meredowyň şägirtlerine goşmaça güýç beräýmeli ýalydy.
Eýýäm birinji ýarymda ýer eýeleri iki pökgi geçirtdiler. 8-nji minutda Hemra Amanmämmedow, 39-njy minutda bolsa Tirkiş Muhammetberdiýew tapawutlandy. AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesine bir jogap pökgüsini geçirmäge amatly pursat döredi. Ýöne Nurýagdy Muhammedowyň 7 metr aralykdan kellesi bilen ýerine ýetiren urgusy derwezeden sowa geçdi.
Ikinji ýarym HTTU-nyň artykmaçlygynda geçdi. 64-nji minutda N. Muhammedowa tapawutlanmaga ýene bir mümkinçilik döredi. Bu gezek ol sowukganly hereket etdi, pökgini derwezeçiniň gapdalyndan derwezä gönükdirdi — 1:2. Duşuşyk şeýle hasap bilen tamamlandy.
Netijede HTTU ýedi oýunda dördünji gezek ýeňildi. “Şagadam” bolsa dördünji ýeňşini gazanyp, öňdäki orna çykdy.
7-nji tapgyr 18-nji aprelde “Merw” — “Hazyna”, “Aşgabat” — “Altyn asyr”, “Daşoguz” — “Energetik” duşuşyklary bilen dowam etdiriler.
Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.
HTTU — “Şagadam” — 1:2 (0:2)
17-ji aprel. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersitetiniň stadiony. 200 tomaşaçy.
Pökgüleri geçirenler: Nurýagdy Muhammedow 65, Hemra Amanmämmedow 8, Tirkiş Muhammetberdiýew 39.
Duýduryş alanlar: Hoşgeldi Hojowow 40, Didargeldi Kowusow 90+1, Wezirgeldi Ylýasow 18, Ýunus Orazmämmedow 54, Geldimyrat Garahanow 58.
Emin: Maksat Seýitkulyýew.
Gözegçi emin: Öwez Gylyçmyradow.