Daşary ýurt metbugaty häzirki zaman Türkmenistan barada

09:1817.04.2015
0
9231

Daşary ýurt metbugatynda häzirki zaman Türkmenistan, ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly ykdysady özgertmeler barada çap edilýän köp sanly makalalar ýurdumyzyň dünýä derejesinde artýan täsirine we abraýyna aýdyň güwä geçýär.

Ine, Seulda (Koreýa Respublikasy) neşir edilýän “Mirowyýe diplomatiçeskiýe nowosti” atly meşhur žurnalyň sahypalarynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan makalalar çap edildi. Şol hyzmatdaşlyga iki döwletiň Liderleriniň özara saparlary kuwwatly itergi berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He gysga döwrüň içinde ýokary derejedäki duşuşyklaryň eýýäm ikisini — geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda we şu ýylyň 13-nji aprelinde bolsa Seulda geçirdiler. 

Koreýada neşir edilýän žurnalyň sanlarynyň birinde “Türkmenistan: ulag — dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň wajyp ugry” atly makala çap edildi. Onda türkmen döwletiniň başlangyçlary, hususan-da, eýýäm ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolundan başga, Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgelerini döretmek  başlangyçlary hakynda gürrüň berilýär. Olaryň ählisi diňe bir Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam etmäge däl, eýsem, sebit we halkara möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Sebitleri birleşdirýän täze köprüleri gurujy hökmünde Türkmenistana daşary ýurt metbugaty tarapyndan şeýle üns berilmegi ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara özara gatnaşyklary giňeltmäge bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýandygy bilen şertlendirilendir. Bu ulgam häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi, onuň ösüşiniň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär.

Mysal hökmünde makalanyň awtorlary Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň açylmagyny agzaýarlar. Täze polat ýoly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjek häzirki günüň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ulag düzüminiň möhüm bölegi bolmagyna gönükdirilendir.

Beýleki bir uly taslama Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň gurluşygydyr. Onuň durmuşa geçirilmegine deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryny iri halkara bazarlaryna çykarmak babatda garalýar.

Çap edilen makalalaryň ýany bilen köp sanly owadan bezelen suratlaryň ýerleşdirilmegi olara aýratyn öwüşgin berendigini bellemek gerek. Şol fotosuratlar daşary ýurtly okyjylara häzirki Türkmenistan barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň