Türkmenistanyň wekiliýeti 5—9 iýul aralygynda Assambleýanyň Helsinkide geçirilýän her ýylky mejlisiniň işine gatnaşar

0
454
0
0

Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň wekilleri Parlament assambleýasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahatynyň dowamynda ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň alyp barýan işini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň mejlisinde geçirilen maslahat Fransiýanyň Milli Assambleýasynyň deputaty, ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Týerri Marianiniň, Gyrgysyztanyň Milli parlamentiniň deputaty, ÝHHG-niň ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça umumy komitetiniň başlygy Roza Aknazarowanyň we ÝHHG-niň PA-nyň maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy Mariýa Çepurinanyň görkezme çykyşlaryny özünde jemledi.

Maslahat Mejlisiň başlygy we Türkmenistanyň ÝHHG-niň PA-daky wekiliýetiniň baştutany Akja Nurberdiýewanyň gutlag sözi bilen açyldy. Soňra Mariani, Aknazarowa we Çepurina maslahata gatnaşýan deputatlar bilen görkezme çykyşlary geçirdiler. Bu çykyşlarda esasy üns Assambleýanyň gurluşy hem mandaty, ses bermegiň düzgünleri we geçirilişi, saýlawlara synçylyk etmek, “Helsinki+40” taslamasyny durmuşa geçirmek, olaryň çäklerinde ÝHHG-de özgertmeleri amala aşyrmakda täze garaýyşlar kemala getirmek ýaly meselelere berildi.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar Assambleýanyň ýakynda bolup geçen mejlisinde garalan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Parlament Assambleýasyndaky wekiliýeti ÝHHG-niň Helsinkide 5—9-njy iýul aralygynda geçiriljek her ýylky mejlisine gatnaşmaly 57 döwletiň wekiliýetine goşular.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru