Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti elektrik energiýasynda işlemäge ukyply awtomobilleriň köpçülikleýin paýdalanylmagynyň meselelerini öwrenmegi tabşyrdy

06:5516.04.2015
1
6750

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda milli Liderimiz ýurdumyzyň Awtomobil sporty merkezine bardy we Aşgabadyň täze gurulýan binalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz dikuçarda Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän ýurdumyzyň Awtomobil sporty boýunça desgalar toplumyna geldi. Bu ýerde milletiň Liderini Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil sporty merkezindäki awtoulaglaryň görnüşleri, olaryň häsiýetnamalary, şeýle hem merkeze gelip gowşan sport awtomobilleri bilen tanyşdy.

Merkeze baryp görmeginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport welosipedinde aýlanyp, ajaýyp taýýarlygyny we ussatlygy görkezdi. Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisi Awtomobil sporty merkeziniň ýodajyklary bilen welosipedde aýlandylar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenmek bilen, milletiň Lideri harby gullukçylaryň arasynda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda yzygiderli sport ýaryşlaryny geçirmegiň we ähli degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtmak bilen, döwlet Baştutany her bir bölümde sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlary döretmegiň, bu işlere harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň işjeň gatnaşmaklarynyň möhümdigini aýtdy. Soňky ýyllarda welosiped sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda netijeli işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we jemgyýetçilik – medeni çäreleriň biraýlygynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milletiň Lideri welosiped sporty bilen meşgullanýan ýaş türkmenistanlylaryň, harby gullukçylaryň we türgenleriň öz ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegi we ýokarlandyrmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

Awtomobil sporty barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda ony ösdürmek üçin degişli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra milletiň Lideri bu ýerde görkezilýän sport ulaglaryny synlady. Bellenilişi ýaly, Awtomobil sporty merkezi üçin yzygiderli ýagdaýda täze ulaglar satyn alynýar, bu bolsa awtomobil sporty bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär.

Bu ýerde sport ulaglarynda türgenleşik geçirildi.

Görkezilýän häzirkizaman ulaglaryň arasynda daşary ýurtly belli öndürijileriň elektrik energiýasynda işlemäge ukyply elektrokarlary bar. Awtomobilleriň esasy aýratynlygy – olaryň oňyn ekologiýa görkezijileridir.

Bu awtomobiliň esasy tehniki häsiýetnamalary we artykmaçlyklary bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutany Awtomobil sporty merkeziniň ýollary boýunça elektrokary sürüp aýlaw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny sürmegi tamamlandan soň, ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowa ekologiýa taýdan arassa bu ulagy ýurdumyza getirmek, mahabatlandyrmak we köpçülikleýin ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça dikuçarda uçuşyny dowam edip, şäherimiziň dürli künjeklerinde alnyp barylýan işleri synlady. Döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginden öwrüm etdi. Täze iri gurluşyk binalarynyň hatarynda Halkara howa menzilini görkezmek bolar. Bu desgalar toplumynyň birinji nobatdakysy eýýäm ulanmaga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilýän täze howa menzilinde önümçilik-dolandyryş gullugy, işgärler we ýolagçylar üçin ähli zerur şertler dörediler.

Döwlet Baştutany guş uçar belentlikden şeýle hem Aşgabatda gurulýan we ulanmaga tabşyrylan köçeleri, estakada awtomobil köprülerini synlady. Dünýäniň iň ösen şäherleriniň biri hökmündäki öz derejesini ynamly berkidýän Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi gün-günden gözelleşýär.

Aşgabadyň etraplarynda gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine,  gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz  dikuçardan paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy, şunda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine möhüm orun degişlidir.

Aşgabadyň bu künjeginde dürli maksatly desgalar, aýratyn-da, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar gurulýar, köçeler, seýilgäh zolaklary abadanlaşdyrylýar.        

Soňra döwlet Baştutany paýtagtymyzyň günorta böleginde bina edilýän desgalarda işleriň barşy, olaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ýerde gurulýan Mejlisler merkeziniň, gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan “Abadançylyk”  binasynyň ýanyna geldi. Bu özboluşly desga paýtagtymyzyň bu künjeginiň gözelligini has-da artdyrdy.

Bellenilişi ýaly, “Abadançylyk” binasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgadyň özboluşly nyşanydyr. Onuň umumy beýikligi 47 metrdir. Desganyň ýokarsynda kepderiler bilen Ýer şarynyň şekili oturdylypdyr.

Bu çeper - binagärlik toplumy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesinden gelip çykýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli syýasaty alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary binanyň keşbine özboluşly bezeg berýär. 

Şeýle hem milletiň Lideri  paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurlan şunuň ýaly köpsanly binalar bilen birlikde, “Abadançylyk” binasynyň açylyş dabarasyny Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilýän senesinde, 25-nji maýda guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşy, ýol işleri bilen tanşyp, ýerasty geçelgäniň bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň baş şäherinde geçirilýän işleriň amala aşyrylmagyna döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň