Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Aşgabatda iş maslahatyny geçirdi

06:3215.04.2015
0
4735

14-nji aprelde irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Seuldan gaýdyp gelen badyna Aşgabadyň Halkara howa menzilinde  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, iş maslahatynda Koreýa Respublikasynda gazanylan ylalaşyklara, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli käbir meselelere garaldy.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeleri hem-de durmuş ulgamynda düýpli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.   Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak,  gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini  has-da artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda geçirilen gepleşikleriň jemlerine ünsi çekip, olaryň ýokary derejede üstünlikli geçendigini belledi. Şeýle hem Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady  meýilnamasynyň hem-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmekde, hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna   gatnaşyjylara Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeler we olary ýerine ýetirmegiň ugurlary babatda Ministrler Kabinetiniň ýakynda boljak mejlisinde degişli ugurlar boýunça anyk hasabatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýetde şol sanda medeni-gumanitar ulgamda işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, kämil ýörelgeleriniň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda öňe sürýän  döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi. Döwlet Baştutany degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna bu ugurda alnyp barylýan işleriň türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň has-da ýaýbaňlandyrylmagyny,  2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň