Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden çykyp, ýolugra Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etdi

06:2515.04.2015
0
6465

14-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden çykyp, ýolugra türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etdi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  A.Nyýazow şaýoly bilen Hojaahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň ýanynda saklanyp, bu ýerdäki Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli “Argaç” ýüň egriji hem-de derini gaýtadan işleýän “Gön” kärhanalarynyň enjamlarynyň könelişendigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu önümçiligiň döwrebap düzümini kemala getirmek maksady bilen olaryň täzeden gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara önümçilik toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemegi we bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Şäheriň bu künjeginiň sazlaşykly ösýändigine ünsi çekip we   täze Halkara howa menziliniň gurulýandygyny, paýtagtymyza gelýän adamlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, milletiň Lideri şu ýerde,  könelişen önümçilik desgalarynyň ornunda täze döwrebap myhmanhananyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ony gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek we iň gowy kompaniýany seçip almak boýunça degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze myhmanhanada häzirki zaman şertleriniň üpjün edilmelidigini,

degişli ýolbaşçylara bu ýerde guruljak täze myhmanhananyň ilkinji gezek hususy telekeçiler tarapyndan dolandyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri öwrenmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri munuň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna we myhmanhanalar toplumyna işi dolandyrmagyň täze usulyny ornaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň