Soňky habarlar

Arhiw

Seulda, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi

06:0615.04.2015
0
3692

Ajaýyp “Lotte” myhmanhanasynda bolup geçen işewür duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda “LG  International Corp.”, “Hyundai Engineering Co.,Ltd”, “Dongil Construction”, “DAEWOO INTERNATIONAL CORPORATION”, “GC   Engineering”, “Halla Corporation”, “Korea Health Industrial Development”, “Hyundai Corporation”, “Hundai Motor Company”, “LX Korea kadastrol terik Corporation”, “KITA” we beýlekiler ýaly bütin dünýä meşhur kompaniýalaryň wekilleri bar. 

Işewür duşuşykda gol çekilen ylalaşyklary hem-de bilelikdäki taslamalary, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze enjamlary, gazy gaýtadan işleýän zawodlary gurmaga, şeýle hem metallurgiýa senagatynda, lukmançylykda we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge degişli meseleler   ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary depginleri, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi — bularyň hemmesi Koreýanyň işewür toparlary üçin türkmen bazaryny özüne çekiji derejä ýetirýär. Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman binýady 2008-nji ýylda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde goýuldy. Şondan bäri hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10 esse artdy.  

Türkmenistanyň baý uglewodorod we beýleki tebigy serişdeleri, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegi hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga amatly şertleri döredýär. Şu babatda, hususan-da, nebitgaz, dokma senagatynda, elektroenergetikada we beýleki pudaklarda ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Medeni-gumanitar özara gatnaşyklara, hususan-da, ylym, bilim, IT-tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Koreýanyň işewür toparlarynyň wekilleri ekologiýa, gurluşyk, bilim, ulag, aragatnaşyk, energiýanyň alternatiw çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Koreýaly hyzmatdaşlar birnäçe anyk tekliplerini aýdyp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge, türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamda özara hereketleri giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we olaryň görnüşlerini giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar. Şu babatda özara söwdada kiçi we orta telekeçiligi   işjeň höweslendirmegiň zerurdygy nygtaldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň