Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bouling boýunça çempionaty geçirildi

02:1515.04.2015
0
3069

Paýtagtyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda sportuň ýurdumyz üçin täze bir görnüşi — bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Erkekleriň arasynda şahsy birinjilikde Lebap welaýatyndan gelen Merdan Gurbanow ýeňiji boldy. Eziz Kakabaýew (Ahal) kümüş, Atanyýaz Annabaýew (Aşgabat) bürünç medal eýelediler.

Zenanlaryň arasynda hormat münberine paýtagtly türgenler çykdylar. Nasiba Orazmedowa birinji, Nigýara Nagiýewa ikinji, Ýelena Bäşimowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bilşimiz ýaly, bouling 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýär. 2014-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň bouling federasiýasy bu abraýly ýaryşa taýýarlykly barmak, sportuň bu görnüşiniň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda köptaraplaýyn iş alyp barýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň