Türkmenistanyň baş tälimçisi bellenilmedik ýygyndy toparynyň Dünýä çempionaty — 2018-iň we Aziýanyň Kubogy — 2019-yň saýlama ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

02:0915.04.2015
0
8830

Eýranyň, Omanyň, Hindistanyň we Guamyň ýygyndylary final bölegi 2018-nji ýylda Russiýada geçiriljek 21-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn saýlama ýaryşynda türkmen furbolçylarynyň garşydaşlary bolar. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen bijä laýyklykda toparlar “D” toparçasynda çykyş ederler.

Beýleki saýlama toparçalar bilen tanyşdyrýarys:

“A” — Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Polestina, Gündogar Timor, Malaýziýa.

“B” — Awstraliýa, Iordaniýa, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Bangladeş.

“C” — Hytaý, Katar, Maldiw adalary, Butan, Gonkong.

“E” — Ýaponiýa, Siriýa, Owganystan, Singapur, Kamboja.

“F” — Yrak, Wýetnam, Tailand, Indoneziýa, Taýwan.

“G” — Koreýa Respublikasy, Kuweýt, Liwan, Mýanma, Laos.

“H” — Özbegistan, Bahreýn, Filippinler, KHDR, Ýemen.

Ilkinji tapgyrda birbada Dünýä çempionaty — 2018-e we Aziýanyň Kubogy — 2019-a saýlama oýunlar bolup durýan toparçalaýyn ýaryş 2015-nji ýylyň 11-nji iýuny — 2016-njy ýylyň 29-njy marty aralygynda “öz meýdanyňda — myhmançylykda” tertibinde geçiriler.

Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orunlary eýelän iň gowy 4 topar Dünýä çempionaty — 2018-iň indiki saýlama tapgyryna çykarlar we gönüden-göni Aziýanyň Kubogy — 2019-yň final böleginde çykyş etmäge hulul gazanarlar.

Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň final bölgine düşmek üçin jemleýji tapgyrda 2 toparça bölünen 12 topar (2 toparça bölünip) göreşi dowam etdirer. Öz toparçalarynda öňdäki iki orny eýelänler 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň final bölegine düşerler. Şeýle hukuga eýe bolup bilmedik toparlar bolsa 2019-njy ýylyň Aziýa Kubogynyň final bölegine çykmak üçin galan 12 ýollanma ugrunda göreşi dowam etdirerler.

BAE-de geçiriljek Aziýanyň Kubogy — 2019-yň final böleginde ilkinji gezek 24 toparyň gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň ýygyndy topary bu abraýly ýaryşa haýsy tälimçi taýýarlar? Bu sowal häzirlikçe açyk bolmagynda galýar. Çünki geçen ýylyň iýunynda Rahym Gurbanmämmedow bu wezipeden aýrylansoň, onuň ýerine hiç kim bellenilmedi. Megerem, Türkmenistanyň futbol federasiýasy ýakyn wagtlarda täze baş tälimçiniň adyny mälim etse gerek.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň