Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sergi-bäsleşigi başlady

02:0715.04.2015
1
16718

Şu ýylyň aprel aýynyň 14-inе Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ajaýyp bedewlerimiziň keşpleri suratlandyrylan çeper eserleriň sergi-bäsleşiginiň dabaraly açylyşy boldy. Bäsleşige Diýarymyzyň dürli künjeklerinden suratkeşler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilen nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, haly, gobelen, zergärçilik we keramika işleri bilen gatnaşdylar. Bu işlerde olaryň dürli çeper çözgütlerini, sungat tilsimleriniň ussatlarça ulanylyşyny görmek bolýar.

Sergide bedew gözelligini wasp edýän, şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli 600-den gowrak eserler görkezilýär. Olarda ata-babalarymyzyň peýdalanan çeperçilik tilsimleri döredijilikli peýdalanylýar. Bu bolsa häzirki döwürde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda däp-dessurlaryň we täzeçilligiň özboluşly sazlaşygyny ýüze çykarýar. Sergide TDÇA-nyň halypa mugallymlary Saragt Babaýewiň, Polat Mämiýewiň, Parahat Gapançaýewiň, Rahman Rahmanowyň, Berdimyrat Toýçyýewiň, Baýram Nuryýewiň, Oguljennet Mollaýewanyň, Altyn Muhammedowanyň, Aýjemal Çaryýewanyň hem-de talyplar Akmyrat Rozyýewiň, Hanmyrat Hanowyň, Myratmergen Kulyýewiň, Annaly Hallyýewiň, Rustam Kurbanowyň, Ahat Mälikowyň, Maksat Nurmedowyň,  Serdar Agaýewiň, Gülara Babaýewanyň işleri öz çeper çözgütleri we kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýar.   

Sergi-bäsleşikde türkmen bedewleriniň gözelliginiň özboluşly waspy olaryň türkmen halkynyň geçmişinde-de, şu gününde-de, gelejeginde-de aýratyn ornunyň bolandygyna we boljakdygyna güwä geçýär.

Sergide görkezilen işleri biziň fotoreportaž bölümimizde görüp bilersiňiz. 

Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine üstünlik arzuw edýäris! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň