Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň suratlarynyň sergisi guralar

07:2214.04.2015
0
6733

Ýeňiş baýramynyň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Sankt-Peterburg türkmen ýaşlarynyň gözi bilen” atly bir hepdelik çäräniň çäklerinde Peterburgyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň suratlarynyň sergisi açylar. Bu çäräni Peterburgyň “Mekan” türkmen medeniýeti jemgyýetiniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi guraýar.

24-nji aprele çenli dowam etjek sergide žiwopisçi talyplaryň milli däpleri aýawly saklanylýan häzirki zaman Türkmenistanyň tebigaty, durmuşy, gaýtalanmajak gözel keşbi şöhlelendirilýän suratlaryň 30-a golaýy görkeziler. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň milli aýdym-sazlary ýaňlanyp, sowgatlyklary we kitaplary görkeziler, şeýle hem Beýik watançylyk urşunyň weterany, ýazyjy Iwan Ilýan bilen duşuşyk geçiriler.

Türkmenistanly talyplar I. Ý. Repin adyndaky çeperçilik akademiýasynda bolup, hünär ussatlygy derslerini geçerler. Şeýle hem Leningrad gabawynyň taryhy bilen baglanyşykly ýerlerde bolarlar we Demirgazyk paýtagtyň medeniýeti bilen tanşarlar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň