Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy bilen duşuşdy

22:5913.04.2015
0
2836

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasyna bardy we onuň başlygy jenap Çon Yýhwa bilen duşuşdy. 

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň spikeri iki ýurduň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, kanun çykaryjylyk boýunça tejribe alşylmagynyň ösdürilmegine ýardam berýändigini bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Parlament dostluk assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutany düýpli kanunçylygyň we Koreýa Respublikasynyň hukuk esasynyň şonuň binýady bolup durýandygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda has içgin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentarileriniň arasynda tejribäniň alşylmagyny ýola goýmak biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyna oňyn täsirini ýetirýän dürli özgertmeleri geçirmek maksada laýyk bolar. 

Jenap Çon Yýhwa iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli, sazlaşykly boljakdygyna ynam bildirip, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň dostluga we özara düşünişilmegine mahsus ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň