Soňky habarlar

Arhiw

Seulda iki döwletiň Liderleri ýokary derejedäki tükmen-koreý gepleşiklerini geçirdiler

20:2413.04.2015
0
2867

13-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.

Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky gepleşikler “Çhonwade” Köşgünde ilki kiçiräk düzümde, soňra Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda uly maslahatlar zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.  Birnäçe ýyllaryň dowamynda Koreýanyň “LG”, “Hyundai”, “Samsung”, “Daewoo” (DEU), “KIA Motors” ýaly ir kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşýan iri taslamalarynyň hatarynda “Galkynyş” käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy bar.

Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar, bilelikdäki durmuşa geçirilmäge başlanylýan we işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyryny, tebigy gazdan suwuk ýangyjy almagyň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyny, metallurgiýa zawodynyň gurluşygyny we beýlekileri görkezmek bolar. 

Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulag parkynyň awtobuslarynyň we ýeňil maşynlarynyň köpüsi koreý önümçiligine degişli. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk özüniň netijeliligini görkezdi we biziň ýurdumyz ony uzakmöhletleýin esasda dowam  etmäge gyzyklanma bildirýär. “Hyundai motors”  kompaniýasy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin  awtoulaglary resmi taýdan getirýän kompaniýalaryň biridir.

Energetika, nebitgazhimiýa, ulag ýaly adaty ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, biz täze ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bilýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy. Dokma we himiýa senagaty, şäher gurluşygy we ýol-ulag düzümi şeýle ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Bu ugurdaky mümkinçilikleriň ulanylmagy ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň  möçberleriniň ýokarlanmagyny we onuň düzüminiň kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Özara söwdany mundan beýläk-de artdyrmak babatda ähli çäreleriň hökümet derejesinde seredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti eksport-import işlerinde harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine ünsi çekdi.

Häzirki döwürde düýpli özgertmeler ýoluna ynamly gadam  goýan Türkmenistan üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary tehnologiýalar babatdaky tejribeleri we gazananlary has-da wajyp bolup durýar. Şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk ugurlaryna ünsi çekdi. Türkmenistan geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde, aýratyn-da, gün energiýasyny peýdalanmak babatda ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmeginde koreýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara bil baglaýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan  goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça köp şahaly ulag-üstaşyr hem-de logistik häzirkizaman köpugurly  düzümiň döredilmegine gatnaşýar. Ol Hazar deňzi, Gara deňzi we Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemleýär. Bu bolsa Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň çägi  bilen Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna has oňaýly ugry üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýakyn geljek üçin türkmen-koreýa gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow  belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilim bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, Koreýa bilim almak üçin ugradylýan türkmen ýaşlarynyň sanyny artdyrmak hakyndaky meselä seretmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bilim ulgamyna degişli döwlet düzümleriniň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň we Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Munuň özi türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bolşy ýaly Türkmenistanyň täze döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamynda  kemala gelmeginde möhüm ähmiýete  eýedir.

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti sport ulgamyndaky aragatnaşyklara degip geçdi. Bu mesele 2017-nji ýylda  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde has-da möhümdir. Iri sport çärelerini guramakda Koreýa Respublikasynyň toplan baý tejribesi Türkmenistan üçin ony özleşdirmekde uly gyzyklanma döredýär.

Şeýle hem türkmen Lideri ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk babatda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda uly  mümkinçilikleriň we zerurlygyň bardygyny belledi hem-de bu ugurlar boýunça pudagara derejede hem-de ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň