Türkmenistan BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň dolandyryjylar Geňeşine saýlandy

0
616
34
11

EKOSOS-yň agzalary BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň guramaçylyk mejlisiniň barşynda 2016—2019-njy ýyllar aralygy üçin Türkmenistany BMG-niň ilatly ýerler boýunça Maksatnamasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň agzalygyna biragyzdan kabul etdiler — diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Şonuň bilen birlikde Türkmenistan BMG-niň ýurtlaryň ilatly we ösüş boýunça toparynyň 2016—2019-njy ýyllar aralygyndaky döwri üçin agzalyga gaýtadan saýlanyldy.

BMG-niň ilatly ýerler boýunça Maksatnamasy durnukly şäher ösüşi babatynda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde, käbir ýurtlara we sebitlere ilatly ýerleri we infrastrukturalary ösdürmegiň meselelerinde ýardam bermekde BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolmagynda galýar.

Ilatly ýerler boýunça topar 2001-nji ýylda BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň dolandyryjylar Geňeşine öwrülip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kömekçi düzümine öwrüldi. Ol BMg-niň Ykdysady we durmuş geňeşi tarapyndan dört ýyl möhletde saýlanylan 58 agza döwletleri özünde jemleýär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru