Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

07:0513.04.2015
0
5550

Koreýa Respublikasynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňüsyrasynda Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Üç ýyldan bir gezek geçirilýän şu forum Bütindünýä Suw Geňeşi (WWC) tarapyndan guralýar. Bu gurama 1996-njy ýylda döredildi we oňa dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 300-den gowrak guramalar girýär. WWC-niň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Marsel şäherinde ýerleşýär.

Bütindünýä suw forumy suwa degişli möhüm meseleleri köptaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça özboluşly çäre bolmak bilen, şu wajyp ulgamdaky innowasion başlangyçlary we nou-haulary öňe sürýär. Tegu şäherinde «Suw biziň geljegimiz üçin» diýen şygar astynda geçirilýän ählumumy duşuşyga döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlary, köp sanly ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, hünärmenler ýygnandylar. Ýeri gelende aýtsak, däp boýunça Bütindünýä suw forumlaryna hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, raýat jemgyýetleriniň we ýaşlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Tegu şäherinde guralýan forumyň gün tertibine wajyp ugurlaryň dördüsine (esasy ugurlara, syýasy çärelere, sebit derejesindäki ýagdaýa, ylma we tehnologiýalara) degişli meseleler girizildi. Şeýle hem bu forumyň maksatnamasy raýat forumy, suw boýunça sergini we beýleki çäreleri özünde jemleýär.
Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde forumyň guramaçylary we kabul edýän ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Ählumumy duşuşyga gatnaşyjylara forumyň gün tertibine bagyşlanan wideorolik görkezildi.

Soňra foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy. Ilki bilen, belent mertebeli myhmanlardan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi, munuň özi ýurdumyzyň we onuň Lideriniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil we oňyn çemeleşmeleriniň ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Milletiň Lideri forumyň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň ählumumy rowaçlyk we ösüş ugrundaky tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň ählisini VII Bütindünýä suw forumynyň açylmagy bilen gutlap, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine, Bütindünýä Suw Geňeşine halkara derejesindäki bu möhüm ähmiýetli çärä gatnaşmaga çakylyk we onuň göwnejaý guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemlemek bilen, ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmaga we tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklap, foruma gatnaşyjylara üstünlik we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Türkmen Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy. VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, oňa gatnaşýan belent mertebeli myhmanlar bilelikde surata düşdüler.
17-nji aprele çenli dowam etjek forumyň gün tertibine gaýdyp gelmek bilen, Stambulda hem-de Marselde geçirilen V we VI Bütindünýä suw forumlarynyň netijelerine hem-de beýleki ykrar edilen halkara ugurlaryna esaslanmak bilen, forumyň guramaçylyk komitetiniň agzalary bu duşuşygyň «Çözgütleriň forumy» bolandygyny aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen suw meseleleri dünýä bileleşiginiň umumy biynjalyklygynyň şerti bolup durýar. Çünki suw dünýädäki ýaşaýşyň esasy binýatlarynyň biridir. Hut suw arkaly biziň dünýämiz özüniň ummanlary, deňizleri, derýalary, kölleri we dürli görnüşli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen ýaşaýar.

Türkmenistanyň VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşýan wekiliýetiniň agzalary 13-nji aprelde geçiriljek ministrler maslahatyna gatnaşarlar.
Forumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow «Daegu EХСO» sergiler we maslahatlar merkezinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Monakonyň Emiri Alber II we Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Soňra Türkmen Lideri «Daegu EХСO» zalynyň çäginde suw meselesi bilen baglanyşykly gurnalan sergä baryp gördi. Bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinde suwy tygşytlaýjy we suwdan peýdalanmak tehnologiýalary hem-de ýöriteleşdirilen önümleriň önümçiliginde işleýän, şol sanda suw üpjünçilik ulgamy, arassalaýyş we ulanylan suwlary peýdalanmak, deňiz suwuny süýjetmek boýunça işleýän kompaniýalar özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny, nou-haulary hem-de önümlerini görkezdiler.
Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda Koreýanyň dünýä belli «LG International Сorp» we «Hyundai Engineering Сo. Ltd» kompaniýalary bar. Olar Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlarydyr. Olaryň guran sergisiniň, esasan, ýurdumyza bagyşlanandygyny bellemeli.

Bu ýerde «LG» we «Hyundai» kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrýan düzümleýin taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada maglumat berýän diwarlyklar, wideoýazgy görkezilýär. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilişi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça döwrebap gazhimiýa toplumynyň, Aşgabatda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanyndaky täze okuw merkeziniň gurluşyklary görkezilýär.

Kompaniýalaryň diwarlyklarynyň türkmen haly gölleriniň şekilleri bilen bezelmegi olaryň özüneçekijiligini has-da artdyrýar. Bu ýerdäki monitorlarda «LG International Сorp» we «Hyundai Engineering Сo. Ltd» kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerine, soňky ýyllarda täze ösüş depginine eýe bolan türkmen-koreý gatnaşyklaryna bagyşlanan wideofilmler görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda, suw arassalaýjy desgalaryň, suw arassalamak ulgamynyň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň iň täze işläp taýýarlamalary hödürlenilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Tegu şäherindäki «Ýangneonsi» adaty lukmançylyk muzeýine baryp gördüler. Gadymy döwürlerden bäri bu şäher Koreýanyň adaty lukmançylygynyň, şol sanda dermanlyk otlar bilen bejermek ugrunyň merkezi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň dermanlyk otlardan peýdalanmak babatda köpasyrlyk tejribesi bar we olar  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda öz beýanyny tapdy. Bu kitaplaryň iki jildi koreý diline terjime edildi we häzirki döwürde bu düýpli eserleriň soňky jiltleri hem koreý diline terjimä taýýarlanylýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany sergi bilen tanyşlygyny tamamlandan soň Tegu şäheriniň howa menziline bardy we ol ýerden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula ugrady.
Bir sagada golaý wagtdan soň, Prezidentiň uçary Seul şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda haly düşelen ýodanyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi we 21 gezek top atyldy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar türkmen Liderine gül desselerini gowşurdylar.
Türkmen döwletiniň Baştutany howa menzilinden Koreýanyň paýtagtynyň merkezinde ýerleşýän «Lotte» myhmanhanasyndaky kabulhanasyna ugrady.
Şeýle hem şu gün Seul şäheriniň «Prezident» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda Seul şäherinde ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçiriler. Ol soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin esaslaryna eýerýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek üçin ygtybarly binýady emele getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň