Türkmenistanyň Prezidenti we Monako Emirliginiň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar

0
555
8
0

Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde Monako Emirliginiň Baştutany, emir Alber II bilen duşuşdy.

Gürrüňdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Häzirki döwürde Türkmenistan ählumumy halkara meselelerini çözmekde wajyp orun eýeleýär. Bu bolsa özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda iki ýurduň arasynda ýola goýulýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, Monakonyň emiri aýtdy.

Iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, döwlet Baştutanlary ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna syýasy-diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işleri — geljekde Türkmenistanyň Monte-Karloda we Monakonyň Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryny açmak boýunça degişli işleri tamamlamak barada tabşyryklary berdiler.

Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi. Mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtlarda ilkinji türkmen emeli hemrasy älem giňişligine çykarylar. Munuň üçin Monako Emirligi Türkmenistana orbital orny hödürledi.

Taraplar gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň hyzmatdaşlyk boýunça tejribelerini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeni, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerine garadylar. Hususan-da, sirk sungatyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Emirliginiň esaslandyran we Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk festiwalynda gazanan üstünligi ýatlanyldy.
Türkmen döwletiniň Baştutany Monako Emirliginiň Baştutanyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Ýurdumyzda Monakonyň ýolbaşçylarynyň atçylyk sportuna maşgala bolup gyzyklanýandyklaryndan habarlydygyny aýdyp, türkmen Lideri emir Alber II özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy we dünýä meşhur ahalteke bedewlerini saklamak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga mümkinçilikleriň dörediljekdigini belledi. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru