Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşy

05:5213.04.2015
0
4931

(2015-nji ýylyň 12-nji apreli, Tegu şäheri, Koreýa Respublikasy)

Hormatly Başlyk!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Şu ýere ýygnananlaryň ählisini VII Bütindünýä suw forumynyň açylmagy bilen gutlaýaryn we Onuň Alyhezreti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Bütindünýä Suw Geňeşine — bu möhüm halkara duşuşygyna gatnaşmaga iberen çakylygy hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň.

Biz bu ýere ählumumy gün tertibiniň, hakykatdan-da, iň möhüm meseleleriniň biri bolan örän wajyp maksatlary we wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandyk. Häzirki döwürde suw meselesine uzak geljege niýetlenen ösüşiň, ekologiýa we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň strategiki maksatlaryndan, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmekden ybarat bolan umumy dünýä meýilnamalaryndan üzňe garamak mümkin däldir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň «RIO+20» maslahatynda we beýleki halkara forumlarynda bu babatda durnukly ösüş boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginde pugta ygrarlydygyny tassyklamak isleýärin.

Şeýle hem ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli Interaktiw gepleşikleri peýdaly diýip hasap edýäris. Onuň netijeleri suw meseleleri boýunça BMG-niň uzakmöhletleýin Ýöriteleşdirilen Maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat eder diýip hasap edýärin.
Şunuň bilen bir wagtda Türkmenistan «suw diplomatiýasy» taglymlaryny halkara derejesinde işjeň öňe sürmek boýunça şertleriň döredilmeginiň zerurdygy barada birnäçe gezek öz garaýşyny aýdypdy.

«Suw diplomatiýasynyň» köpugurly gatnaşyklaryň täze syýasy-diplomatik ýollaryny döretmekde ygtybarly gural bolup hyzmat etjekdigini, şunda biz suw serişdeleriniň çeşmelerini emele getirmek we gaýtadan dikeltmek, olaryň oýlanyşykly we rejeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly ähli meselelere garamaga gönükdirilen yzygiderli gepleşikleri geçirmek mümkinçiliklerini görýäris. Dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň şunuň ýaly bilelikdäki işleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň suw boýunça resminamasyny taýýarlamak işlerinde ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.

BMG-niň Suw Strategiýasy şeýle resminama bolup bilerdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Bütindünýä suw forumyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň bu başlangyjyna içgin garamagyny teklip edýärin.

Ýene bir üns berilmegini talap edýän möhüm ýagdaý hem suwdan peýdalanmaga mümkinçilikdir. Şunuň bilen baglylykda, biz suwdan peýdalanmaga mümkinçiligi ykrar etmek baradaky BMG-niň başlangyjyny adam hukuklarynyň esasylarynyň biri hökmünde goldaýarys. Şeýle çemeleşmäniň esasynda suw serişdelerinden peýdalanmaga ählumumy hukuk we olary netijeli dolandyrmaga jogapkärçilik bardyr.
Biziň pikirimizçe, suwdan peýdalanmaga hukugyň berjaý edilmegini üpjün etmek dünýäniň ähli döwletleriniň borjy bolmalydyr.

Hormatly hanymlar 
we jenaplar!

Birnäçe sebäplere görä, Merkezi Aziýada suw meselesiniň örän möhüm, käbir halatlarda bolsa sebitleriň ösüşleriniň aýgytlaýjy şerti bolup durýandygynyň, umumy ýagdaýa, durmuş-ykdysady ösüş meýilnamalarynyň, çynlakaý ekologiýa meseleleriniň çözgüdini tapmaga düýpli täsir edýändigini bellemelidiris. Şeýle şertlerde diňe sebitleýin özara ylalaşyk döwletleriň netijeli özara hereket etmegi üçin ýeke-täk binýat bolup durýar. Türkmenistan hut şeýle çemeleşmeleriň, Merkezi Aziýada suw we suw-energetika meselelerine halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň hasaba alynmagy bilen hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda garalmagynyň we çözgüdini gözlemegiň yzygiderli tarapdary bolup çykyş edýär.

Suw meselelerini umumy dünýä derejesinde çözmek işleriniň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykda çylşyrymly häsiýete eýe bolýandygyny ykrar etmek bilen, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Suw meselesi bu düzümiň işiniň aýratyn ugry bolup biler diýip hasap edýäris. Şeýle düzümiň döredilmeginiň Merkezi Aziýa sebitindäki ýagdaýyň zerurlygyndan gelip çykýandygyna ynanýarys.

Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynda başlyklygy kabul edýär. Biz sebitde suw meseleleri boýunça, ony halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary derejesine çykarmak babatynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek işlerini işjeň goldamagy göz öňünde tutýarys.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistan şu forumyň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri goldaýar.
Biz beýleki döwletler bilen ýakyndan işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, halkara guramalary bilen tejribe alyşmaga, giň we gyzyklanma bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys.
Foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikler we netijeli işlemegi arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň