Londonyň golaýynda baý nebit gorlary ýüze çykaryldy

0
544
0
0

Londondan 50 kilometr uzaklykda, Gatwik aeroportunyň golaýynda baý nebit gorly ýatak ýüze çykaryldy. Bu barada UK Oil and Gas Inwestments (UKOG) kompaniýasy habar berdi.

Kompaniýanyň beren maglumatlaryna görä, bu wagtyň nebit gory takmynan 100 milliard barrele her kwadrat mili (takmynan 2,6 kwadrat kilometr) 158 million barrele deňdir. Ýöne onuň uly bolmadyk bölegi çykarylyp bilner.

Bu ýerde buraw işlerine geçen ýyl girişildi. UKOG-yň maglumatlaryna görä, nebitiň agramly bölegi 762 we 914 metr çuňlukda ýerleşýär. Bilermenler bu ýeriniň geologiýasyny ABŞ-nyňky we Günbatar Sibiriňki bilen meňzeşligi üçin nebitiň 3 göterimden 15 göterimine çenli borlary çykarylyp bolar diýip çaklaýarlar.

UKOG-niň ýerine ýetiriji direktorynyň aýtmagyna görä, bu Beýik Britaniýanyň gury ýerlerinde soňky 30 ýylyň içinde ýüze çykarylan iň düýpli “tapyndy” bolup, örän uly milli bähbitlere eýedir    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru