Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi

0
973
6
0

11-nji aprelde Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewleri gatnaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda geçirilýän bäsleşigi “Türkmen atlary” döwlet birleşigi guraýar.

Bäsleşigiň baş maksady tutuş adamzadyň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermekden, ýurtda atçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirmekden ybaratdyr.

Gözellik bäsleşigine ahalteke bedewdäki tohumlaryň 3 ýaşdan 10 ýaşa çenli bolan aralygyndakylary gatnaşdyrylýar. Paýtagtyň atçylyk toplumynda bar bolan, ýurduň ministrliklerine, obasenagat toplumynyň edaralarynyň, şeýle hem hususy hojalyklara degişli athanalaryň hersinden bir bedew bäsleşige gatnaşdyrylýar. 

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ajaýyp ahalteke bedewleriniň 50-den gowragy görkezildi. Toparyň agzalary olaryň beden gurluşyna, gözelligine,  tohum arassalygyna baha bermek bilen, “ýylyň bedewi” adyna mynasyp dalaşgärleri saýladylar.

Onuň jemleri boýunça birinji tapgyrda atlaryň 20-si saýlanyp alyndy. Olar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna  laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyry däp boýunça aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýurtda Türkmen bedewiniň baýramçylygy bellenilýän gününde  geçiriler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru