Soňky habarlar

Arhiw

Akrobatika ussatlary güýçlüleri mälim edýärler

23:3511.04.2015
0
5869

Ýaryşlar jübütleýin we toparlaýyn usulda geçirildi. Ulularyň III derejeli kadasy boýunça erkekleriň arasyndaky bäsleşikde M. Nurmyradow — D. Koşjanow jübüti ýeňiji boldy. Toparlaýyn ýaryşlarda G. Hojakow, A. Arutunýan, K. Grigorýan we P. Merdanow hormat münberiniň ýokarky başgançagyna çykdylar. Bu akrobatika ussatlary Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň gimnastika sport mekdebinde Natalýa Rejepowanyň we Irina Kruglikowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.

Ulularyň III derejeli kadasy boýunça zenanlaryň arasynda hem paýtagtyň sport sport mekdebiniň türgenleri öňdeligi eýelediler. Jübütlerden Z. Hamrakuliýewa bilen M. Nyýazowa tapawutlandy. Toparlaýyn bäsleşiklerde bolsa M.Nyýazowa, I. Kiçikakaýewa, S. Grigorýan üstünlik gazandy.

Sport ussatlarynyň arasynda hem N. Rejepow bilen I. Kruglikowanyň şägirtleri öňdeligi eýelediler. Erkekleriň arasynda jübütleriň bäsleşiginde I. Şewçukow bilen W. Kostýaýew, toparlaýyn ýaryşlarda bolsa O. Rejebow, B. Allanazarow, H. Şirgulyýew, A. Alladurdyýew ýeňiji boldular. Zenanlaryň arasynda G. Kakaýewa we D. Ýollyýewa jübüti üstünlik gazandy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň