Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna bardy

17:3411.04.2015
0
3088

Döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary sekiz sagada golaý uçuşy amala aşyrandan soň, Tegu şäheriniň howa menzilinde gondy. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny koreý tarapynyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden  kaşaň “Interburgo Tegu” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Ertir, 12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti VII Bütindünýä suw maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

13-nji aprelde Seulda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçiriler. Bu gepleşikler netijeli syýasy gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň