Türk­me­nis­ta­nyň sam­bo ussat­la­ry Drez­den­de ge­çen hal­ka­ra ýa­ry­şyn­y 12 al­tyn we bir kümüş me­dal bi­len jem­le­di­ler

0
546
5
0

Türk­me­nis­ta­nyň sam­bo ussat­la­ry Drez­den­de ge­çen hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da öz çy­kyş­la­ry­ny 12 al­tyn we bir kümüş me­dal bi­len jem­le­di­ler. «A» de­re­je­li ýa­ryş 13 döw­let­den tür­gen­le­ri ýyg­na­dy. Ýag­ny oňa Türk­me­nis­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Ni­der­land­la­ryň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, Slo­wa­ki­ýa­nyň, Awst­ri­ýa­nyň, Bol­ga­ri­ýa­nyň, Uk­rai­na­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ýa­ryş bir­näçe ýaş de­re­je­le­rin­de ge­çi­ril­di: gyz­la­ryň ara­syn­da, ýet­gin­jek­le­riň, ka­det­le­riň, şo­nuň ýa­ly-da, ulu­la­ryň ara­syn­da bol­dy.

1997—1999-njy ýyl­lar­da dog­lan gyz­la­ryň ara­syn­da Di­na­ra Ju­ma­dur­dy­ýe­wa 44 kg ag­ram­da hal­ka­ra ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si bol­dy. Ol awst­ri­ýa­ly, bol­ga­ri­ýa­ly, ger­ma­ni­ýa­ly gar­şy­daş­la­ry­ny ýeň­me­gi ba­şar­dy. 51 ki­log­ram ag­ram­da rus­si­ýa­ly, slo­wa­ki­ýa­ly, ger­ma­ni­ýa­ly pälwanlara garşy üç tut­lu­şygyn­da ýe­ňiş ga­za­nan An­ge­li­na Fi­lip­po­wa al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Drez­den­de 56 kg ag­ram­da Gul­mi­ra Ro­zy­ýe­wa öz çy­kyş­la­ry­ny al­tyn me­dal ga­zan­mak bi­len jem­le­di. Ol rus, çeh, ni­der­land tür­gen­le­ri­ni ýeň­me­gi ba­şar­dy.

Ola­ryň üs­tün­li­gi­ni ka­det­ler do­wam et­dir­di­ler. 49 kg ag­ram­da Mah­myt Al­la­ber­di­ýew al­tyn me­da­la eýe çyk­dy. 52 kg-de Şa­ber­di Ba­ba­ýew gar­şy­daş­la­ry­na hiç hi­li müm­kin­çilik goý­ma­dy. Gur­ban­my­rat Sähe­dow kümüş me­dal al­dy. Ol Rus­si­ýa­dan, Slo­wa­ki­ýa­dan bo­lan sam­bo­çy­la­ry ýeň­di we di­ňe öz­bek päl­wa­nyn­dan ýe­ňil­di. Hor­mat mün­be­ri­niň ýo­kar­ky bas­gan­ça­gy­na 65 kg-de Mu­ham­met Köse­kow, Me­kan Nur­jy­kow, Ke­rim­ber­di Döw­le­tow çyk­dy. Ola­ryň her­si Ger­ma­ni­ýa­dan, Uk­rai­na­dan, Bol­ga­riýa­dan, Rus­si­ýa­dan, Slo­wa­ki­ýa­dan bo­lan päl­wan­la­ry ýeň­me­gi ba­şar­dy. Uly ýaş­ly­la­ryň ara­syn­da 74 kg-de Döw­let Te­je­now, 81 kg-de Ko­wus­ber­di Ga­ra­ýew, 68 kg-de Ber­di An­na­ber­di­ýew al­tyn me­dal bi­len Wa­ta­ny­ny­na do­la­nyp gel­di­ler. Ola­ryň her­si üç tut­lu­şyk ge­çir­di. Drez­den­däki «A» se­ri­ýa­syn­da ga­za­ny­lan uly üs­tün­li­ge ýetmekde Baý­ram Hal­ly­ýew, Ata we Mu­ham­met Ödäýew­ler, Omar Mu­ham­met­na­za­row, Döw­let Te­je­now we Öwez Ata­ly­ýew da­gy tälimçilik etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru