Türkmen suwda ýüzüjisi hal­ka­ra du­baý ýa­ry­şyna gatnaşdy

0
390
8
0

1—4-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de spor­tuň suw gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça (ýüz­mek) hal­ka­ra du­baý ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Oňa 48 döw­let­den 900 suw­da ýüzüji gat­naş­dy. On­da saý­la­ma ka­da­la­ry­ny dol­du­ran tür­gen­ler Rus­si­ýa­nyň Ka­zan şähe­rin­de geçiriljek dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­ne we Rio-de Ža­neý­ro­da (Bra­zi­li­ýa) geçiriljek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ýol­lan­ma al­ýar­dy­lar.

19—29 ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň 3-nji ýyl ta­ly­by Mer­dan Ata­ýew uly üs­tün­lik ga­zan­dy. Ol gar­şy­daş­la­ryny 50 metr (26.87) we 100 metr (58.14 —57.43 sek) ar­kan­la­ýyn ýüz­mek­de bürünç we iki kümüş me­dal ga­zan­dy. Aş­ga­bat­ly tür­gen eý­ýäm ge­çen ýy­lyň aw­gust aýyn­da Tür­ki­ýäniň Stam­bul şähe­rin­de ge­çen ýa­ryş­da iki sa­ny bürünç me­dal ga­za­nyp­dy.

50 metr ara­ly­ga ýüz­mek­de Ýa­kob el Saa­di we Ja­mal Ka­wo­şi­faç oňa gar­şy­daş bol­dy. Bu üç­lügiň bäs­le­şi­giniň ne­ti­je­sin­de Mer­dan 3-nji ýe­re düş­di. 100 met­re ýüz­mek­de ol di­ňe Ja­mal­dan as­gyn gel­di.

Ýer eýe­le­ri şu ara­lyk­da ýe­ne-de su­per fi­nal hem gu­ra­dy­lar. Bu ýüzüş­de Mer­dan ozal­ky gar­şy­daş­la­ryn­dan oz­dy we 2-nji ýe­re düş­di. 1-nji ýe­ri müsür­li tür­gen eýe­le­di. Mer­da­n Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tälim­çi­si S.Ýe­pi­fa­nowyň elinde tür­gen­leş­­ýär.

Mer­da­nyň ta­lyp ýol­daş­la­ry Rus­lan Na­za­row we Türk­me­nis­ta­nyň Sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň sport mek­de­bi­niň tür­ge­ni Wa­len­tin Gorş­kow bu ýer­de sport us­sa­dy­nyň ka­da­sy­ny dol­dur­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň iki re­kor­dy bi­len Mer­jen Sa­ry­ýe­wa 50 metr ara­ly­ga er­kin usul­da we bat­terfl­ýaý usu­lyn­da oňat çy­kyş et­di. Soň­ky iki ýy­lyň için­de türk­men suw­da ýüzüji­le­ri­ sport us­sat­ly­gy­nyň de­re­je­si­niň ýo­kar­la­ndyr­dy.

Du­baý­dan ge­len des­si­ne olar Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty­na gat­naş­dy­lar. «Olim­pi­ýa» suw sport top­lu­my­nyň ýüzüş ýo­da­jyk­la­ry­na bäş to­pa­ryň tür­gen­le­ri, şol san­da we­la­ýat­dan ge­len tür­gen­ler çyk­dy­lar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru