Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda elektron hyzmatdaşlygynyň halkara we milli tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy

02:1211.04.2015
0
3207

Aşgabatda “Elektron döwlet hyzmatlary: halkara we milli tejribe” mowzugy boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlara hyzmat etmek we durmuş innowasiýalary baradaky döwlet agentliginiň (ASAN) wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Iň täze tehnologiýalary döwlet düzümleriniň işine giňden ornaşdyrmak häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemeginde, döwletiň we jemgyýetiň has netijeli gatnaşyk etmeginde, uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda, şol sanda elektron hökümeti döretmek we elektron hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek barada Türkmenistanda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar bu ulgamda daşary ýurtlaryň tejribesini seljermek bilen, Azerbaýjanyň ASAN agentliginiň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdylar. Anyk durmuş ugruna gönükdirilen maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy, şeýle hem Amerika, Aziýa, ÝB, GDA ýurtlarynyň mysalynda elektron hökümeti konsepsiýasynyň çäklerinde ilata döwlet tarapyndan hyzmatlar ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça nusgalar hödürlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Raýatlyk ýagdaýy  hakyndaky namalaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, kepillendiriş işi, şahsyýet şahadatnamalaryny bermek we çalyşmak, ýer kadastry hem-de öýleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň maglumatlary  hakyndaky güwänamalary resmileşdirmek, täjirçilik ýuridiki şahslary we salgyt töleýjileri bellige almak, zähmet pensiýalaryny kesgitlemek, şahsy hem-de ýuridiki taraplara arhiw güwänamalaryny bermek, gümrük deklarasiýalaryny, gümrük taýdan resmileşdirmegiň degişli resminamalaryny kabul etmek ýaly elektron hukuk hyzmatlaryna ilatyň uly isleg bildirýändigine aýratyn üns berildi.

Şeýle hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy döwlet dolandyryşynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetdäki hem-de jemgyýetdäki prosesleriň monitoringi hem-de bu prosesleri kadalaşdyrmak boýunça çözgütleriň öz wagtynda kabul edilmegi üçin düýbünden täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň