Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi ilkinji gezek ýeňildi

5
641
0
0

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary 6-njy tapgyryň ilkinji duşuşygynda iki oýunlyk şowsuzlygynyň arasyny üzüp, Türkmenistanyň wise-çempiony we Kubogynyň eýesi “Ahaly” myhmançylykda ýeňdiler — 0:1.

Geçen iki tapgyrda Röwşen Meredowyň şägirtleri “Energetikden” 1:3, “Altyn asyrdan” bolsa 0:2 hasaplarynda asgyn geldiler. “Ahal” bolsa “Şagadam” bilen deň oýnap (1:1), myhmançylykda öňdäki ýerlerde barýan “Merwden” üstün çykdy — 2:3. Şonuň üçinem bu oýunda “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary ýeňşe has ýakyn hasaplanýardy. Ýöne netije başgaça bolup çykdy.

Birinji ýarym ahallylaryň uly artykmaçlygynda geçdi. Ýöne jemleýji dürs urgyny ýerine ýetirmek başartmady. Arakesmeden soň, ýer eýeleriniň hüjümleri gowşady. Myhmanlar bolsa mundan ýerlikli peýdalandylar. 57-nji minutda Nurýagdy Muhammedow HTTU toparyna ýeňiş getiren pökgini geçirdi. “Ahal” bolsa täze möwsümde ilkinji gezek ýeňildi.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň beýleki duşuşyklary 11-nji aprelde geçiriler. Şol gün “Hazyna” — “Daşoguz”, “Energetik” — “Aşgabat”, “Altyn asyr” — “Balkan”, “Şagadam” — “Merw” duşuşar.

“Ahal” — HTTU — 0:1 (0:0)

10-njy aprel. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony. 500 tomaşaçy.

Pökgi geçiren: Nurýagdy Muhammedow 57.

Duýduryş alanlar: Zafar Babajanow 21, Berdi Hotdyýew 90+1, Furkat Tursunow 24, Pirmyrat Soltanow 49, Gurbangeldi Batyrow 90+1.

Emin: Ruslan Ereşow.

Gözegçi emin: Wadim Baratow.    

-------------------------------------

Ähli sport habarlaryny bizde LINE yzarlaň!

Добавить

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
tmfootball ( 11/04/2015 )

Ahal HTTU oyuny yazan adam oyuny gordimika pal atyp yazylana menzeya

tmfootball ( 11/04/2015 )

Oyunlary gorip bolsy yaly yazsanyz has hosal bolardyk

tmfootball ( 11/04/2015 )

Oyuny gorip bolsy yaly yazsanyz has hosal bolardyk

tmfootball ( 11/04/2015 )

Oyunlary gorip bolsy yaly yazsanyz has hosal bolars

Рейтинг@Mail.ru