Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa bileleşigi Türkmenistan bilen energohyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

18:1410.04.2015
0
3125

Ýewropa bileleşigi Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada penşenbe güni ÝB-niň Azerbaýjandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Malena Mard žurnalistlere habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan giden gaz gorlaryna eýedir we ony ýewropa bazarlaryna ugradyp biler. “Häzirki wagtda Ýewropa bileleşiginiň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda gepleşikler dowam etdirilýär. Bu ýerde gürrüň Transhazar turba geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak barada barýar. Ol türkmen gazyny “Günorta gaz geçelgesi” taslamasynyň çäklerinde dörediljek düýpli düzüme birikdirer” diýip, Mard aýtdy.

“Türk akymy” taslamasy baradaky meselä degip geçip, ÝB-niň wekili Ýewropa bileleşiginiň gazy Ýewropa diwersifikasiýalaşdyrmaga ýol açýan ähli taslamalara gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň