Täze doňdurylan külke balyklaryň onlarça tonnasy “Balkanbalyk” gämi duralgasyna getirildi

0
517
1
0

Täze doňdurylan külke balyklaryň onlarça tonnasy ýörite doňduryjysy bolan ýük bölümli “Balykçy” gämisi bilen “Balkanbalyk” Döwlet kärhanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki gämi duralgasyna getirildi. Bu täze gäminiň Hazaryň balyk tutulýan ýerlerine amala aşyran bir aýa çeken ikinji gatnawydyr.

“Balykçy” we şeýle görnüşdäki ýene iki gämi geçen ýylyň noýabrynyň aýaklaryna Hazar balykçylyk flotunyň üstüni ýetirdi. Olar ýörite barlagdan soň, Türkmenistanyň ykdysady zolagynda balyk tutmak işine girişdi.

Deňiz balykçylygy Balkan welaýatynyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet balykçylyk flotunyň iri maýa goýumlaryny çekýär, häzirki zaman gämiler bilen onuň üstüni ýetirýär. “Balykçy” bilen bilelikde Hazaryň türkmen böleginde şeýle görnüşli “Bereket” we “Garlawaç” balyk doňduryjy gämileri balykçylyk işi bilen meşgullanýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru