Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmatbaha sowgatlary gowşurmak barada Permana gol çekdi

07:3210.04.2015
0
5362

Türkmenistanyň Prezidenti 1941—1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 70 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li uruş we­te­ran­la­ry­na, şeý­le hem uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na sow­gat­la­ry gow­şur­mak ha­kyn­da­ky Per­ma­na gol çekdi.

Türk­men hal­ky­ umu­my Ýeň­şe sal­dam­ly go­şant go­ş­dy. Türk­me­nis­tan­ly­lar gel­jek­ki ne­sil­le­riň pa­ra­hat we aba­dan dur­mu­şy, bütin adam­za­dyň bag­ty­ýar gel­je­gi üçin beý­le­ki do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri bi­len egin-eg­ne be­rip gaý­duw­syz söwe­şip, deň­siz-taý­syz gah­ry­man­çy­ly­gyň we eder­men­li­giň be­ýik nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler.

Türkmenistanda uruş we­te­ran­la­ry­na, edermenlik bilen tyl­da zäh­met çe­kenlere, şeý­le hem uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na çäk­siz hor­mat-sarpa go­ýul­ýar. Döw­le­t ola­ryň sag­ly­gy we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýe­ňiş güni Türk­me­nis­tan­da her ýyl uly äh­li­halk baý­ra­my hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň