Meşhur ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy we bahasyz baýlygydyr

0
1474
0
0

8-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji güni Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň sebitde iri atçylyk sport toplumyna baryp görmegi Türkmenistana, onuň üstünliklerine türkmen halkynyň köp asyrlyk däplerine bolan uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýol ugrunda moldowan Lideriniň awtoulag kerweni 10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýerinde saklandy. Bu ýerde belent mertebeli myhmana ýokary depginler bilen gurulýan Olimpiýa şäherjigi – dünýä derejesindäki sport toplumy barada gürrüň berdiler. Onuň meýdançalarynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Prezident Nikolaýe Timofti paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň gerimine mynasyp baha bermek bilen, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Merkezi Aziýanyň göwher gaşy hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň Türkmenistanyň täzelenmeginiň we gülläp ösmeginiň beýanyna öwrülendigini aýtdy.

Halkara atçylyk sport toplumy hem aşgabatlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän ajaýyp toplum bilen tanyşlygyň barşynda moldowan Lideri gözelligiň, ajaýyplygyň we syratlylygyň beýany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň köp asyrlyk taryhyndan ençeme gyzykly maglumatlar bilen tanyşdy, şeýle hem ady äleme dolan bedewleri saklamak, olaryň gatnaşmagynda atçylyk sport ýaryşlaryny we baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilýän giň şertlere haýran galdy.

Dostlukly döwletiň Baştutanyna gözelligi we syratlylygy bilen akylyňy haýran edýän behişdi bedewler görkezildi.

Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda we bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri hem olara bolan gyzyklanmany artdyrýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen konkur boýunça ýaryşlaryň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi tötänden däldir. Ýurduň ähli welaýatlarynda soňky ýyllarda dünýä talaplaryna laýyk gelýän döwrebap aýlawlaryň gurlandygy hem bellenilmelidir.

Moldowanyň Prezidenti Nikolaýe Timofti gören zatlaryna tüýs ýürekden haýran galandygyny aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň taýsyz tagallalary netijesinde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ganatyna öwrülen behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de diňe artjakdygyna ynam bildirdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru