Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe eýran gazyna isleg bildirýär

17:2208.04.2015
0
2546

Türkiýe eýran gazyna isleg bildirýär we baha meselesi amatly bolan ýagdaýynda onuň importyny artdyrmaga taýýar. Bu barada Türkiýäniň prezidenti Taýip Erdogan sişenbe güni, Eýrana saparynyň barşynda geçirilen metbugat maslahatynda aýdyldy.

Erdogan ýurduň prezidenti Hasan Ruhaniniň resmi çakylygy boýunça sişenbe güni Eýrana geldi. Iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebitara we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Eýran gazynyň 90-95 göterimini Türkiýe satyn alýar, bu örän uly möçberdir. Ýöne eýran gazy biziň üçin örän gymmat bolup durýar. Eger biz amatly baha babatda ylalaşsak, importy has-da artdyrarys, çünki senagat taýdan ösen biziň ýurdumyza gaz gerek. Şol sanda biz öz raýatlarymyza-da gazy elýeterli bahadan satmaly” diýip, türk lideri aýtdy.

Şunlukda, Erdogan mawy ýangyjyň bahasyny ylalaşmak meselesinde hiç hili päsgelçiligiň bolmajakdygyna ynanýar. “Biz — iki doganlar döwlet, eger biz birek-birek bilen ylalaşmasak, onda asla kim bilen ylalaşarys” diýip, Türkiýäniň prezidenti belledi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň