Daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň we Moldowanyň Prezidentleriniň gepleşikleri barada

16:5708.04.2015
0
2599

 

Öz gazyny Russiýa, Eýrana, Hytaýa ýerleýändigini nygtap, döwlet Baştutany Türkmenistanyň gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak barada iş alyp barýandygyny aýtdy. Milletiň Lideriniň bellemegine görä, Türkmenistan Hytaýa her günde 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberýär we häzirki günde ýene goşmaça 25 milliard ibermegi ýola goýmagyň üstünde işleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Hazar deňzi bilen baglanyşykly mesele barada aýdylanda, men köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine biziň hiç haçan ýewropa ugruny gün tertibinden aýyrmandygymyzy we aýyrmajakdygymyzy aýdasym gelýär. Häzir biz Azerbaýjan hem Türkiýe bilen üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barýarys. Biz umumy ylalaşyga geleris diýip umyt edýärin, munuň özi ýewropa ugruny amala aşyrmagyň ýolunda ýene bir ädim bolar” diýen sözlerini RIA nowosti getirýär.

Moldowanyň Prezidenti öz gezeginde gepleşikleriň barşynda taraplaryň energo howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilendigini belledi. “Biz Hazar deňzi sebitinde Türkmenistanyň gatnaşmagynda energetika taslamalaryny amala aşyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Biz iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bu ugurda iş alyp barmagy dowam etdirmegi ylalaşdyk” diýip, Moldowanyň baştutany aýtdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň