Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Bitaraplyk çagalaryň gözi bilen” atly çaga suratlarynyň sergisi açyldy

06:2408.04.2015
0
11230

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çeperçilik sergisi dolandyryş müdirliginiň sergi zalynda “Bitaraplyk çagalaryň gözi bilen” atly çaga suratlarynyň sergisi açyldy. Ol Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlandy.

Ýurduň ähli welaýatlaryndaky çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary iň gowy işlerini — akwarel suratlaryny, zergärçilik işleriniň we haly önümleriniň nusgalaryny görkezdiler.

Ýagty gün, açyk asman, ak kepderi we Watan baýdagynyň astynda bagtyýar durmuş ähli suratlarda diýen ýaly öz beýanyny tapdy. Ýaşajyk suratkeşleriň diňe bir dünýä düşünişlerini şöhlelendirmäge synanman, eýsem, bagtyýar durmuş, döwletiň özleri baradaky bimöçber aladasyny beýan etdiler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň