Soňky habarlar

Arhiw

Çempion utuşsyz iki duşuşykdan soň ýeňiş gazandy

23:5407.04.2015
0
4250

Türkmenistanyň häzirki çempiony “Altyn asyr” utuşsyz iki duşuşykdan soň ýeňiş gazandy. Topar 5-nji tapgyrda myhmançylykda HTTU-ny ýeňlişe sezewar etdi — 0:2.

Ýer eýeleriniň derwezesine ilkinji pökgini 14-nji minutda 19 ýaşly Selim Nurmyradow geçirdi. Arakesmeden soň Umytjan Astanow hasaby artdyrdy. 63 –nji minutda ikinji sary petek alan Dawid Sarkisow meýdany terk edensoň, duşuşykda kimiň ýeiş gazanjakdygy gutarnykly belli boldy.

Netijede HTTU bassyr ikinji gezek ýeňildi. “Altyn asyr” bolsa 8 utuk toplap, öňde barýan toparlara has ýakynlady.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU — “Altyn asyr” — 0:2 (0:1)

7-nji aprel. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersiteti. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Selim Nurmyradow 14 (11 metrlik urgudan), Umytjan Astanow 55.

Duýduryş alanlar: Nurgeldi Astanow 13, Dawid Sarkisow 28, 63, Didar Hajyýew 38.

Oýundan çykarylan: Dawid Sarkisow (HTTU) 63 (2 sary petek)

Emin: Berdi Nyýazmyradow.

Gözegçi emin: Allaberen Sapaýew.   

----------------------------------------------------------------------------------------------------------

Bizi LINE-da yzarlaň!

Добавить

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň