Soňky habarlar

Arhiw

Bürünç medalyň eýesi çempionata ilkinji gezek gatnaşýan topardan ýeňildi

23:5207.04.2015
0
3011

Oýnuň barşynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary Begenç Akmämmedowyň (57-nji minut) we Guwanç Abylowyň (66-njy minut) 0:2 hasabynda öňde barýardy. Duşuşygyň tamamlanmagyna 19 minut galanda Azat Garajaýew bir jogap pökgüsini geçirmek başartdy.

Netijede “Hazyna” çempionatda ilkinji ýeňşini gazandy. “Şagadam” bolsa ilkinji gezek ýeňlip, öňdäki orna çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

Indiki tapgyrda “Şagadam” öz meýdançasynda “Merwi”, “Hazyna” bolsa “Daşogzy” kabul eder.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Şagadam” — “Hazyna” — 1:2 (0:0)

7-nji aprel. Türkmenbaşy etraby. “Sport desgasy”. 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Azat Garajaýew 71, Gegenç Akmämmedow 57, Guwanç Abylow 66.

Duýduryş alanlar: Döwlet Baýramow 50, Azat Tagandurdyýew 68, Yhlas Saparmämmedow 83.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Öwez Gylyçmyradow.       

----------------------------------------------------------------------------------------------------------

Bizi LINE-da yzarlaň!

Добавить

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň