Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gyzgyn gutlady. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanda köp sanly köpçülikleýin sport we bedenterbiýe çäreleri geçirilýär.
Ak mermerli Aşgabatda bina edilen Olimpiýa suw-sport toplumy, Milli olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, köpugurly “Aşgabat” stadiony, şeýle-de welaýatlardan gurlan köp sanly iri sport desgalary beden taýdan berk, ruhubelent nesilleri terbiýelemäge, türkmen sportuny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge giňden ýardam edýär.
Munuň özi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky aladanyň jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy hökmünde orta çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
—Sport dostlugyň we halkara hyzmatdaşlygyň esasydyr. Şonuň üçin biz Olimpiýa hereketiniň asylly maksatlaryny we ýörelgelerini doly goldaýarys. Biz dürli derejelerde, aýratyn-da, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýäris. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky ýörite çözgüdi biziň döwletimiziň olimpiýa taglymatlaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän ösüş we parahatçylyk, dostluk we agzybirlik, döredijilik we ynsanperwerlik ýaly başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär — diýlip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk gutlagynda bellenilýär.