Şu gün Türkmenistanyň we Moldowanyň Prezidentleri halkara syýasatynyň özara bähbitlere laýyk gelýän möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar

08:4607.04.2015
0
2704

Şu gün Aş­ga­ba­tda ýo­ka­ry de­re­je­däki türk­men-mol­do­wan gep­le­şik­le­ri ge­çi­ri­ler. Ola­ra gat­naş­mak üçin düýn ag­şam ýur­du­my­za Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ni­ko­lae Ti­mof­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hökümet we­ki­li­ýe­ti gel­di.

Türkmen Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­sy­nyň ýur­du­my­za sa­pa­ry Mol­do­wa­nyň ägirt uly yk­dy­sa­dy we se­riş­de­ler kuw­wa­ty­na eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mäge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Duşuşygyň barşynda iki ýur­duň Li­der­le­ri Gurbanguly Berdimuhamedow we Ni­ko­lae Ti­mof­ti­ öza­ra gy­zyk­lan­ma döred­ýän hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyny­ň möhüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­arlar, hil taý­dan täze de­re­jä çyk­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça nuk­daý­na­zar­la­ry de­ňeş­dir­me­gi, şeý­le hem iki dost­luk­ly halkyň ara­syn­da­ky yna­my hem-de öza­ra düşüniş­me­gi ber­kit­mek bo­ýun­ça gel­jek­ki ädim­le­ri kes­git­lärler.

Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de bar bo­lan öza­ra gy­zyk­lan­ma­ny we mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­riň ga­za­nan­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ gi­ňelt­me­giň usul­la­ry­ny, şeý­le hem türk­men we mol­do­wan halk­la­ry­na bi­rek-bi­re­gi baý me­de­ni mi­ras hem-de köpa­syr­lyk ru­hy gym­mat­lyk­lar bi­len yzy­gi­der­li ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän me­de­ni-gu­ma­ni­tar gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri iş­läp düz­mäge uly üns ber­ler.

Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak möhüm me­se­le­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň we Mol­do­wa­nyň gel­jek­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry öza­ra ugur edin­me­gi­niň iň go­wy su­but­na­ma­sy­dyr. Şun­da ýurt­la­ryň iki­si hem bir­meň­zeş de­re­je­de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş­lar hök­mün­de çy­kyş edip, ösüşiň we ro­waçly­gyň bäh­bi­di­ne çalt dep­gin­ler­de ös­mek mak­sa­dy bi­len bir­le­şen­dir.

Şeý­le­lik­de, iki döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek du­şu­şy­gy ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry dep­gi­ne we ne­ti­je­li häsi­ýe­te eýe bol­ýan türk­men-mol­do­wan gat­na­şyk­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky ädim bo­lar. Bu du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça möhüm res­mi­na­ma­la­ryň en­çe­me­si­ne gol çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň